Irlandiýanyň ilaty soňky 170 ýylyň dowamynda ilkinji gezek 5 milliondan agdy, ýagny 2021-nji ýylyň aprelinde ýurduň Merkezi hasabat edarasy tarapyndan geçirilen pikir soralyşygynyň jemleri boýunça 5,01 million adama deň boldy.

Bu barada UNN habarlar gullugy ýazýar.

Pikir soralyşygy aprele çenli soňky bir ýylyň dowamynda ilatyň 34 müň adam artandygyny görkezdi, munuň tebigy ösüşe degişlisi 22800 we ýurtda mekan tutan bosgunlaryň sany 11200 adamdyr.

Şeýle hem habarda Irlandiýanyň ilatynyň garraýandygy hasaba alyndy, ýagny ilatyň 65 ýaşa çenli bölegi umumy ilatyň 15 göterime golaýyny tutýar. Bu ýurtda ilatyň garramak depgininiň soňky on ýyllykda artandygyny görkezýär.