Onuň okayan okuwy 3 ýyllyk tehnikumdy. Myrat hem 2-nji kursa geçipdi. Talyplyk döwri şeyle hezildi. Kursdaş gyzlar, oglanlar bilen degişip gülüşip wagtlary gyzykly geçýärdi. Myrat şäheriň etegindäki obada ýaşansoň okuwa-da obasyndan awtobusly gatnaýardy.
Her gün täze öwrenilýän sapaklar bilen öz bilim alýan hünäri boyunça kämilleşýän talyplar üçin okuw gyzgalaňly ýagdaýda gidýärdi.
Sentýabr aýynyň soňky ongünligi Ajaýyp güýz günleriniň biridi. Şol günleriň birinde Okuwdan soň Myrat hem kursdaşlary bilen hoşlaşyp öýe gitmek üçin hemişeki barýan duralgasyna bardy. Awtobusa garaşyp durka bir talyp gyz hem duralga geldi. Onýança-da awtobus gelip durdy. Myrat bu gyza kän üns hem bermän awtobusa mündi. Ol gyz hem Myradyň yzýany mündi. Awtobus bugün öňkilerinden has dyknyşykdy.
Gulagyna nauşnik dakyp aýdym diňläp barýan Myradyň egnine biri kakan ýaly boldy. Nauşnigini aýryp seretse ýaňky gyz:
-Geçip bilerinmi? diyip sorady.
Myrat seretse gapynyň golayynda duran eken.
- Howa geçiber
diyip dyknyşykda azajyk süýşip ýol berdi. Ol barmanada aýagyna çüy dek çümen ökjeli köwşüň ökjesi myradyň gözünden ot çykardy.
- Deşdiň aýagmy. Myrat saklanyp bilmän dillendi.
Gyz hem utanjyna -bagyşlaň diýip düşüp gitdi. Ol gyz hem Myratlaň obasynyň bärsindäki obada ýaşaýardy.
Myrat bu gyza juda üns bermese-de hem tä awtobus daşlaşyança yzyndan seredip galdy...
1-nji bölümiň soňy.